Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy duşuşygy 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry – 1-nji dekabry aralygynda Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçiriler. ÝHHG-niň 57 gatnaşyjy döwletiniň daşary işler ministrleriniň her ýyl geçirilýän duşuşygy ÝHHG-niň häzirki başlygy, Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmaniniň çakylygy boýunça geçiriler. Ministrler geňeşi ÝHHG-niň merkezi direktiw we dolandyryjy edarasydyr. Her ýylky duşuşyk daşary işler ministrlerine Ýewroatlantik we Ýewraziýa sebitinde howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýa, şeýle-de guramanyň ähli ugurlardaky işine syn bermäge we baha bermäge mümkinçilik berýär. 2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda ÝHHG-niň başlygy we Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani Aşgabada saparynyň dowamynda daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirdi, şeýle-de ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir