Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, resminamada: 1.Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi her ýylyň 3-nji noýabrynda belläp geçmelidigi; 2.Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň ýokary derejede, guramaçylykly bellenilip geçilmegini üpjün etmelidigi; 3.Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde, Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamalydygy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermelidigi barada aýdylýar.