7-nji noýabrda AFK Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyrynyň çäklerinde «Ahal» «Aşgabat» stadionynda «Pahtakory» kabul eder. Oýun sagat 19:00-da başlanar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň öňýanyndaky günde «Aşgabat» stadionynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat ýygnagy hem-de açyk türgenleşik geçiriler. 6-njy noýabr, duşenbe: · 17:15 — «Ahalyň» baş tälimçisi Serdar Geldiýewiň hem-de toparyň oýunçysynyň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy; · 17:30 — «Ahalyň» türgenleşigi, onuň ilkinji 15 minuty köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin açyk ýagdaýda geçiriler; · 17:15 — «Pahtakoryň» baş tälimçisi Maksim Şatskihiň hem-de toparyň oýunçysynyň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy; · 17:30 — «Pahtakoryň» türgenleşigi, onuň ilkinji 15 minuty köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin açyk ýagdaýda geçiriler. Ýeri gelende bellesek, «Ahal» AFK Çempionlar ligasynyň 3-nji tapgyrynda Daşkentde «Pahtakordan» 3:0 hasabynda asgyn geldi. «A» toparçasynyň şol tapgyrdaky beýleki oýnunda bolsa, «Al-Aýn» öz öýünde «Al-Feýhany» 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, 3 tapgyrdan soňra «Al-Aýn» 9 utuk bilen toparçada liderlik edýär. «Ahal», «Pahtakor» we «Al-Feýha» toparlarynyň bolsa hersinde 3 utuk bar. Ýaryşyň tertipnamasyna laýyklykda, AFK Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde her zolakdaky bäş toparçadan birinji ornuň eýeleri we iň gowy netije görkezen ikinji orny eýelän toparlaryň üçüsi 1/8 final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. AFK Çempionlar ligasy 2023/24, 4-nji tapgyr: 7-nji noýabr, sişenbe 19:00 / «Ahal» – «Pahtakor» 21:00 / «Al-Feýha» – «Al-Aýn»

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir