Ýuwaş ummanda suwasty ýanardag çogmasyndan soňra täze ada emele geldi diýip, Tokionyň uniwersitetiniň Ýer titremeleriniň ylmy barlagy instituty habar berdi. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, netijede göwrümi 100 metre deň bolan gury ýer bölegi döredi, ol Tokiodan takmynan 1200 kilometrlikde ýerleşýär diýip, «News.ru» ýazýar. Alymlar Io adasynyň etrabynda suwasty ýanardag işjeňligini 30-njy oktýabrda howa arkaly surata düşürdiler. Olaryň pikirine görä, ýanardagyň çogmasy netijesinde magma ummanyň suwuna düşdi we suwuň ýüzüne äpet daşlar döküldi. Alymlar ýanardagyň golaýynda emele gelen adany tapdylar, onuň üsti ýanardag palçygy bilen örtülendir. Hünärmenler geljekde ýanardag çogmasyna baglylykda, adanyň göwrüminiň ulaljakdygyny çaklaýarlar. Io adasynyň etrabynda suwasty ýanardag çogmasy öň hem hasaba alnypdy. Şeýle hem Io adasynyň öz göwrümi hem ulalypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir