Özbegistan, Türkmenistan, Eýran we Türkiýe Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ugry arkaly halkara multimodal geçelgäni döretmek baradaky teswirnama gol çekdi. Bu barada «nCa» internet portaly habar berdi. Bu resminama 1 — 3-nji noýabr aralygynda Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ulag ministrleriniň 12-nji mejlisiniň çäginde gol çekildi. Gol çekilen teswirnamada Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ýük daşamagy guramak; bäsdeşlik nyrhlarynyň ulanylmagy we Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň hem-de Türkiýäniň demir ýollary arkaly haryt daşamak üçin amatly şertleri döretmek; ugur boýunça ýük daşamak guralanda hukuk we tehniki ülňüleri birleşdirmek boýunça çäreleri bilelikde işläp düzmek; şeýle hem bu ugra degişli ýurtlaryň ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Ýatlap geçsek, Türkiýe — Eýran — Türkmenistan — Özbegistan geçelgesiniň ugrundaky demir ýol 2022-nji ýylyň dekabrynda Izmirden Daşkende 40 wagondan ybarat ilkinji ýük otlusynyň geçmegi bilen başlanypdy. Şonda 4500 kilometrden gowrak bu ýol bilen hojalyk enjamlary daşalypdy.