Şwesiýanyň Malmýe şäherinde tekstil önümlerini awtomatiki usulda gaýtadan işleýän dünýäde ilkinji kärhana işe girizildi, onda matalaryň dürli görnüşleri awtomatiki usulda sortlanylýar. Munuň üçin ýörite optiki sensorlar ulanylýar diýip, «Habar 24» ýazýar. Häzirki wagtda zawodda dokma önümleriniň günde 4,5 tonna golaýy gaýtadan işlenilýär. Taslama ýurduň Daşky gurşawy öwrenmek boýunça instituty tarapyndan işlenip düzüldi. Onuň hyzmatdaşlary bolup, egin-eşik öndürijiler, dizaýnçylyk brendleridir ýerli häkimiýetler çykyş etdiler. Moda senagaty daşky gurşawy iň köp hapalaýjylaryň biridir. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, olara akyndy suwlaryň umumy dünýä möçberiniň 20 göterimi we kömürturşy gazynyň takmynan 10 göterime golaýy degişlidir.