Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýurduň müftisiniň salamyna jogaby internetde iň köp tomaşa edilen wideolaryň biri boldy diýip, «Hindustan Times» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Prezidentiň Jemgyýetçilik palatalaryň agzalary bilen duşuşygynda Russiýanyň musulmanlarynyň Ruhy ýygnagynyň başlygy, müfti Albir Krganow ýurduň döwlet Baştutanyna «Salam aleýkum» diýip, salam berdi, rus Lideri: «Aleýkum as-salam» diýende, zalda oturanlar el çarpdylar. «Wideo adamlaryň kalbyny bendi edýär, köpler Putiniň sözleri aýdyşyna ýokary baha berýärler» diýip, hindi neşiri ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir