Otly tüweleý Awstraliýanyň obalaryny okkesdirme geçdi. Onuň wideogörnüşlerini «Sky News» teleýaýlymy tomaşaçylara ýetirdi diýip, «Izwestiýa» habar berýär. Waka ýurduň demirgazygyndaky Tennant-Krik şäheriniň eteginde boldy. Görnüşlerde barha güýçlenýän tüweleýiň dik asmana galşy, özi bilen ýalyn syçradyp, harasada öwrülişi görünýär. Öň, geçen iýulda Kanadanyň paýtagty Ottawada harasat 125 sany ýaşaýyş jaýyna zeper ýetirdi, bir adam ejir çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir