Ozal habar berşimiz ýaly, 4-nji noýabrda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Şol günde ýurt boýunça saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň 472 müň 71 düýbi ekildi. Bu barada TDH ýazýar. Şeýle hem şol günki ählihalk dabaralara gatnaşyjylar tarapyndan 1 million 868 müň 935 düýp baga ideg edildi. Habarda bellenilişi ýaly, tokaý zolaklarynyň döredilmegi howa ýagdaýyny gowulandyryp, bioköpdürlüligi gorap saklamaga we köpeltmäge ýardam berýär. Şonuň üçin-de, ýurtda ýerleriň tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, bag nahallarynyň oturdylmagyna ylmy esasda çemeleşilýär. Her ýyl Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirilip, dürli görnüşli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekilýär. Ýurtda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýada we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir