Mälim bolşy ýaly, 8-9-njy noýabrda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammiti geçiriler. Gün tertibine laýyklykda, sammitde guramanyň çäklerinde söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag, aragatnaşyk we ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar diýip, «Report.az» habar berýär. Çeşmäniň özbek habar beriş serişdelerine, şol sanda Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp belleýşi ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Baştutanlary guramanyň işini gowulandyrmak meselesini hem ara alyp maslahatlaşarlar. Sammitiň maksatnamasynyň çäginde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegine garaşylýar. Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana iş sapary bilen barjakdygyny habar beripdik. Şeýle hem bu çärä Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşar diýip, çeşme belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir