1-2-nji noýabrda Almaty şäherinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Demirgazyk we Merkezi Aziýanyň ýedinji köptaraplaýyn forumy geçirildi. Foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Forum UNESCAP-yň Demirgazyk we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasy tarapyndan guraldy diýip, «nCa» internet portaly habar berdi. Bellenilişi ýaly, forumda ýokary wezipeli adamlar we dürli gyzyklanýan taraplaryň wekilleri 2030-njy ýyl üçin durnukly ösüş boýunça Gün tertibine we Durnukly ösüşiň 17 maksadyna ygrarlydyklaryny tassykladylar. Wekiliýetler şeýle hem Demirgazyk we Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan köp sanly kynçylyklary ýeňip geçmek üçin tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Foruma Demirgazyk we Merkezi Aziýanyň dokuz ýurdundan hökümetlere we jemgyýetçilik pudagyna, raýat jemgyýetine, hususy pudaga, ylmy edaralara we halkara guramalara wekilçilik edýän 100-den gowrak wekil gatnaşdy. Gatnaşanlar dowam edýän energiýa, azyk we maliýe çökgünliklerine, howanyň üýtgemegine täsir etmek we uýgunlaşmak üçin içerki we sebitleýin çäreleri çaltlaşdyrmak babatda Demirgazyk we Merkezi Aziýada ýüze çykýan azyk howpsuzlygy meselelerini çözmek boýunça ýörite teklipleri taýýarladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir