«Roma» topary Italiýanyň A seriýasynyň 11-nji tapgyrynda «Leççeni» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Rim klubyna ýeňiş getiren gollara türkmen asylly eýranly oýunçy Serdar Azmun hem-de belgiýaly Romelu Lukaku awtorlyk etdiler. Oýundan soňra Azmun «Romanyň» metbugat gullugyna bu pursata köp wagt garaşandygyny gürrüň berdi: «Biz kyn oýun boljakdygyny bilýärdik. Biz ünsümizi jemläp, tutanýerlilik görkezmegi başardyk. Bu biziň janköýerlerimiz üçin mynasyp sylag. A seriýada ilkinji goluňy urmak nähili duýgy?! Gaýtalanmajak duýgy. Men bu pursata köp wagt garaşdym. Men bu ýerde galmak üçin yhlasymy gaýgyrmaryn. Men bu şäheri halaýaryn. Bu gaýtalanmajak duýgy. Goly kime bagyşlaýarsyňyz?! Meniň maşgalama. Meniň ata-eneme we aýalyma». Ýeri gelende bellesek, «Baýere» degişli bolan Serdar Azmun bu möwsümde kärendesine «Romanyň» düzüminde çykyş edýär. «Transfermarkt» portaly häzirki wagtda hüjümçini 12 million ýewro bahalaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir