Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalynyň ýörite Diplomy bilen sylaglandy. Ýeri gelende ýatlatsak, teatryň döredijilik topary festiwalda «Leýli — Mejnun» dessany esasynda Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Söýgi we hasrat» atly oýun bilen çykyş etdiler. Festiwalyň guramaçylary tarapyndan oňa gatnaşýan ýurtlaryň döredijilik toparlaryna ýörite Diplomlar gowşuryldy. Şol sanda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň ýolbaşçysy Myrat Aradowa hem TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalyna işjeň gatnaşandygy üçin hem-de türkmen artistleriniň festiwalda üstünlikli çykyş edendigi üçin Diplom gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berildi. Mundan ozal Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gülnabat Abdullaýewanyň halkara festiwalyň «Iň gowy zenan keşbi üçin» baýragyna mynasyp bolandygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir