6-njy noýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Ş.Papuaşwili bilen duşuşdy. Gruziýanyň Parlamentiniň binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň başlygy Ş.Papuaşwiliniň Türkmenistana saparynyň meýilleşdirilýändigi mälim edildi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi toplumlaýyn türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Şeýle hem taraplar geljegi uly bolan söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda özara düşünişmek we dostlukly gatnaşyklary saklamak boýunça konstruktiw gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm gural bolup hyzmat edýän iki ýurduň arasyndaky parlamentara dostluk toparlarynyň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmeklige aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň Türkmenistana saparyny guramak, şeýle-de syýasy-diplomatik ugurda parlament diplomatiýasynyň orny barada pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir