Türkmenistanyň Futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň çäginde Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» bilen «Energetik» utuk paýlaşdylar. Dartgynly pursatlara baý bolandygyna garamazdan, duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Ýer eýeleri duşuşygyň birinji ýarymyny Hojanazar Gurbanowyň 35-nji minutda geçiren goly bilen 1:0 hasabynda öňde tamamladylar. Ýöne ikinji ýarymda ýiti hüjümlerini artdyran «Energetik» 49-njy minutda Guwanç Berdimyradowyň tapawutlanmagynda hasaby deňledi. Bu deňlikden soň utugyny «Aşgabat» 21-e, «Energetik» bolsa 16-a çykardy. Ýaryş tertibinde paýtagtyň adybir topary bäşinji orny eýeleýän bolsa, «Energetik» ýedinji orunda barýar. Ýöne bassyr iki tapgyrdan bäri utulman gelýän «Energetigiň» bassyr iki utulyşdan soň, bir utuk hem bolsa gazananyna begenýän «Aşgabat» bilen arany ýygyrmak mümkinçiligi ýok däl. «Aşgabat» – «Energetik» – 1:1 Gollar: 35 Hojanazar Gurbanow («Aşgabat») – 49 Guwanç Berdimyradow («Energetik») Duýduryş: 68 Söhbet Allanurow («Aşgabat») Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.) Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), R.Ereşow (Türkmenabat ş.) Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.) Çeşme: Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir