Ýokary liganyň 21-nji tapgyryndaky «Şagadam» ― «Köpetdag» duşuşygynda hasap tagtasyny bir gezek hem üýtgetmeli bolmady. Duşuşyk başlanyşy ýaly, 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Bu deňlik dördünji orundaky «Köpetdagy» 22-nji, dokuzynjy orundaky «Şagadamy» bolsa 10-njy utugyna göterdi. Şeýlelikde, «Şagadamyň» şu möwsümde ilkinji gezek «Köpetdagdan» asgyn gelmändigini aýtmak gerek. Birinji we ikinji aýlawdaky duşuşyklaryň ikisinde-de «Köpetdag» «Şagadamy» ýeňmegi başarypdy. Duşuşyk Türkmenbaşy şäherindäki «Şagadam» stadionynda geçirildi. «Şagadam» – «Köpetdag» – 0:0 Duýduryşlar: 84 Wekil Kadyrow, 90+4 Emir Berdiýew («Şagadam») – 27 Orazgeldi Seýidow, 50 Şamämmet Hydyrow, 75 Batyrgylyç Berdiýew, 77 Ylýas Çaryýew, 80 Wepa Mämmedow («Köpetdag») Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.) Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.) Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.) Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir