«Ahalyň» baş tälimçisi Serdar Geldiýew we derwezeçi Rahat Japarow AFK-nyň Çempionlar ligasynyň dördünji tapgyrynyň çäginde Aşgabat şäherinde Daşkendiň «Pahtakory» bilen boljak duşuşygyndan öň žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler. ― Ýaryş tertibi diňe «Al-Aýnyň» öňdedigini görkezýär. Galan üç toparyň bolsa heniz hem mümkinçilikleri deň ― diýip, baş tälimçi sözlerine umytlandyryjy başlady. ― Elman Tagaýewiň ýagdaýy barada näme aýdyp bilersiňiz? Alan duýduryşlary onuň ertir meýdana çykmagyna böwet bolup bilermi? ― Ýok, Elman ertir meýdana çykar. Bu ýyl düzgünler üýtgedi. Indi iki däl-de, üç sary kartdan soň oýunçy bir duşuşygy goýbermeli bolar. ― Onuň fiziki taýýarlygy nähili? Her kim Elmanyň başarjaňlyk bilen tutuş topara kerwenbaşylyk etmegine garaşýar. ― Ol fiziki taýdanam oýna taýýar. Hiç hili mesele ýok. Hemme zat ugruna. ― «Pahtakor» bilen geçiren ilkinji duşuşygyňyzdan soň nähili netijeleri çykardyňyz? ― Duşuşyga gaýtalabam tomaşa etdik. Öz oýnumyzy we ýalňyşlyklarymyzy seljerdik. Türgenleşiklerde-de goýberen ýalňyşlyklarymyzyň üstünde işledik. Belli bir derejede tejribämiz bar. Onuň ertir bize kömek etjekdigine ynanýarys. ― Rahat Japarowyň näme üçin daşary ýurt saparlaryňyza goşulyp bilmändigini düşündiräýseňiz. ― Rahat Japarow saparlarymyza maşgala ýagdaýy sebäpli gidip bilmedi. Ýöne ertir ol bize kömek eder. ― Ertir sizden täzeçe taktiki usullara garaşyp bilerismi? ― Hawa, täze pikirlerimiz bar. Ýöne ertirki duşuşykda janköýerlerimiziň hem esasy orny eýelejekdigini aýtmak isleýäris. Olar 12-nji oýunçymyz hökmünde goldasalar, bizem elimizden gelenini gaýgyrmarys. ― «Nebitçi» bilen bolan duşuşygyňyzda ýakynda Özbegistanyň «Kyzylkum» toparynyň hem köýnekçesini geýen Bagtyýar Gürgenow düzümiňizde çykyş etdi. Bu transferi nädip amala aşyryp bildiňizmi? Bagtyýar size Çempionlar ligasynda hem kömek edermi? ― Ilki bilen bagtyýaryň ýaş we geljegine uly ynam bildirilýän goragçydygyny aýtmak isleýärin.Ol möwsümde Özbegistanyň çempionatynda birnäçe duşuşyga çykdy, ýöne soň erkin oýunçy boldy. Özi bilen düşünişip, ony toparymyza goşduk. Çempionlar ligasynyň düzgünlerine görä, ondan peýdalanyp bilemzok, ýöne toparçadan çykyp bilsek, Bagtyýar hem kömek eder. Rahat Japarow: «Biz oýnamaga taýýar...» ― Ertirki duşuşykdan ozal oýunçylar nähili ýagdaýda? ― Psihiki taýdan hem, fiziki taýdanam biz duşuşyga taýýar. Ertir tälimçimiziň tabşyryklaryny berjaý edip, gowy netije gazanmaga çalşarys. Öz meýdanymyzda oýnaýarys, janköýerlerimizden goldawa-da garaşýarys. Geçen duşuşykdan gerekli netijeleri çykardyk. Belki, garaşýan netijämizi alyp bileris.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir