Ženewada söwdalaşyklaryň bütin taryhynda dünýäde iň uly gök göwher auksiona çykarylar diýip, «Habar 24» ýazýar. Armyt görnüşli gymmatbaha daşyň satuwyndan geljek girdeji 35 million dollardan az bolmaz diýlip garaşylýar. Onuň agramy 17 karata deňdir. Zergärler daşyň reňkine «haýran galdyryjy ýagty-gök» diýip baha berdiler, bu daşlaryň reňk öwüşgini babatda iň ýokary derejedir, bu görnüşe gök göwherleriň bary-ýogy 1 göterimi degişlidir. Hasaplamalara laýyklykda, Zeminde gazylyp alynýan göwherleriň 10 müňüsinden diňe biri gök öwüşginlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir