Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod käniniň bilelikde ösdürilmegi ikitaraplaýyn azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygynyň depginini güýçlendirer. Muny Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň syýasaty boýunça pakistanly bilermen Malik M.Şafigiň sözlerine salgylanyp, «Report.az» habar berdi. Bilermeniň belleýşi ýaly, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar umumy taryha we medeniýete, şeýle hem ykdysady bähbitlere esaslanýar. M.Şafig Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda nebit-gaz, ulag we logistika pudaklarynda üstünlikli ösýän hyzmatdaşlygyň strategiki ähmiýete eýedigini hem nygtady. «2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Hazar deňzinde nebit we tebigy gaz çykarmak boýunça «Dostluk» atly bilelikdäki taslama babatda iki ýurduň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnama diňe bir iki ýurduň ýolbaşçylarynyň köpçülikleýin paýhaslylygynyň netijesi bolman, eýsem energetikadan başga-da köp ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky özara islegi hem alamatlandyrýar» diýip, bilermen nygtady. Belläp geçsek, Hazar deňzindäki Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda gol çekildi.