«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda şu ýylyň on aýynyň 1 müň 900 inedördül metr haly dokamak baradaky meýilnamasy möhletinden öň, özi-de 2 müň 336 inedördül metr möçberinde berjaý edildi. Şunda taýýarlanylan haly önümleriniň pul hasabyndaky umumy möçberi 5 million 109 müň manada golaýlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Degişli görkeziji diňe bir meýilnamanyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňlatman, eýsem, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 110 göterime barabar ýokarlandyrylandygyndan hem habar berýär. Başgaça aýdylanda, deňeşdirilýän döwürde artyk özleşdirilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 440 müň manatlykdan hem köp boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir