Bilimi kämilleşdiriş akademiýasy çagalaryň mental arifmetika we iňlis dili boýunça geçirilýän okuwlara kabul edilip başlanandygyny yglan edýär. Mental arifmetika — bu çagalara diňe bir logikadan däl-de, eýsem göz öňüne getirmeden peýdalanyp, matematiki meseleleri tiz we aňsat çözmäge mümkinçilik berýän usuldyr. Mental arifmetikanyň sapaklary sözleýiş endikleriniň, eşidiş we görüş ýadynyň hem-de döredijilikli pikirlenmäniň ösmegine ýardam edýär. Munda çagalar sebäp-netije gatnaşyklaryny gurmagy, tapawutlary tapmagy hem-de obrazly pikirlenmegi öwrenerler. Bu olara has guramaçylykly we ünsli bolmaga, sapaklarda meseleleri çalt hem-de ýalňyşsyz ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Iňlis dili — dünýäde iň uly isleg bildirilýän dilleriň biri. Iňlis dilini öwrenmek çagalar üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, daşary ýurtlylar bilen gepleşmäge, syýahat etmäge we bilim almaga ýardam berýär. Bilimi kämilleşdiriş akademiýasynda iňlis dili sapaklary häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly oýun görnüşinde geçirilýär. Oýun wagtynda çagalaryň logiki we obrazly pikirlenmesi, sözleri sowatly aýdyp bilmek endikleri hem-de assosiatiw ýady ösýär. Toparlaýyn geçilýän sapaklarda bolsa çagalar aragatnaşyk endiklerini kämilleşdirýärler, döredijilik ukyplaryny açýarlar we söz baýlygyny artdyrýarlar. Okuwlara ýazylmak üçin telefon belgileri:

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir