«Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň hasabyndaky ýokary öndürijilikli läbik sorujylaryň 8-si möwsümleýin suw hojalyk çärelerinde bökdençsiz işledilýär. Döwrüň iň ösen talaplaryna laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda öndürilen bu kuwwatly tehnikalaryň 4-si häzirki wagtda Türkmenderýanyň meýilnamada bellenilen ýerlerini tebigy gyrmançalardan, suw gatyşykly çöküntgilerden, läbikden arassalamak işlerinde ulanylýar. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, ýylyň başyndan bäri, olaryň sazlaşykly hem bökdençsiz işledilmegi netijesinde, derýanyň suw geçirijilik mümkinçiligi ep-esli ýokarlandy. Habarda bellenilişi ýaly, uzynlygy 180 kilometre, suw geçirijilik ukyby sekuntda 250 kub metre barabar bolan bu derýa welaýatyň çägindäki iri suw akabalarynyň aglabasyny suw bilen üpjün edýär. Aslynda, «Türkmenderýasuwhojalyk» önümçilik dolanyşygyna degişli jemi uzynlygy 414 kilometrden gowrak akabalar, birnäçe suw geçiriji hem suw alyjy desgalar bolup, olar welaýat boýunça dolanyşykdaky jemi 416 müň gektara golaý ekin meýdanlaryny ýeterlik mukdarda suwlulandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şu günler derýanyň ugrunda hereket edýän läbik sorujylaryň her biri, degişlilikde, 40 — 45 metr aralykda gyrmançalary sorup, kenara çykarýar. Olaryň hersiniň ýanynda goşmaça işleri ýerine ýetirmek üçin buldozerleriň 2-si berkidildi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir