Goýy gurumly tüsse Hindistandaky meşhur Täçmahal köşgüni görer gözden gizledi. Jahankeşdeler onuň asla görünmeýändigini aýdýarlar diýip, «MIR 24» ýazýar. Tüsse tutuş Agra şäherini basdy. Oňa Demirgazyk Hindistanda şaly hasyly ýygnalan ekin meýdanlarynda 200 million tonnadan gowrak gury baldaklaryň daýhanlar tarapyndan täze ekişe taýýarlamak üçin, kanun tarapyndan gadagan edilendigine garamazdan, ýakylmagy sebäp boldy. Gurumly tüsse indi sebitiň eteginde ýerleşýän Nýu-Deliniň depesinde toplanýar. Ýerli häkimiýetler ýagdaý bilen baglylykda, paýtagtdaky ähli mekdepleri 10-njy noýabra çenli ýapmak kararyna geldi, emma 10 we 12-nji synplaryň okuwçylary öňde synaglaryň bardygy üçin okuwlaryny dowam etdirerler.