Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro deňziň düýbündäki bahasy 20 milliard dollar bahalanýan hazynaly gämini tizden-tiz suwdan çykarmagy buýurdy. Bu barada ýurduň medeniýet ministri Huan Dawid Korrea salgylanýan «Reuters» habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar. 62 toply «San-Hose» ispan gämisi Karib deňziniň düýbünde ýatyr, ol 1708-nji ýylda Beýik Britaniýanyň gämisi bilen söweş wagtynda gark boldy. Onda altyn, kümüş we zümerret bilen doly sandyklar bar. Hünärmenler olaryň umumy bahasyny 20 milliard dollara çenli diýip çaklaýarlar. Prezidentiň bu gyssagly görkezmesi onuň ygtyýarlylyk möhletiniň 2026-njy ýylda tamamlanýandygy bilen baglydyr. Galyberse-de, hazyna gäminiň galyndylaryny ilki bolup tapandygyny nygtaýan amerikan kompaniýasy hem dalaş edýär. Kompaniýa kazyýetiň üsti bilen 10 milliard dollar talap edýär, bu girdejiniň ýarpy bölegidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir