Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde ýurduň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Bäsleşigi geçirmegiň tertibine, oňa gatnaşmagyň düzgünlerine laýyklykda, bäsleşik ýylyň dowamynda geçirilýär. Bäsleşige 17 — 35 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler. Birinji tapgyr: Ýurduň ähli welaýatlaryndan, Arkadag hem-de Aşgabat şäherlerinden döwlet çärelerine işjeň gatnaşan, «Türkmen owazy» teleradioýaýlymyna ýylyň dowamynda gelen hatlar we SMS-ler arkaly iň köp ses alan ýaş zehinli aýdymçylaryň 30-sy emin agzalarynyň saýlamagynda ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Ikinji tapgyr: Iň köp ses alan ýaş estrada aýdymçylaryň aýdymlary diňlenip, olaryň iň ezberleriniň 20-si saýlanylyp alnar. Şeýlelikde, olaryň aýdymlary «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma berler we tomaşaçylardyr diňleýjilerden gelýän SMS-lerden iň köp ses alan aýdymçylaryň 10-sy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Bäsleşigiň birinji tapgyry 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 1 — 5-i, ikinji tapgyry dekabr aýynyň 10 — 15-i, jemleýji tapgyry bolsa dekabr aýynyň 15 — 20-si aralygynda geçiriler. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry: Bu tapgyra ikinji tapgyrda iň köp SMS ses alan aýdymçylar gatnaşarlar. Olar eminleriň we tomaşaçylaryň öňünde bir aýdymy orkestriň sazandarlyk etmeginde, ýene bir aýdymy bolsa sazsyz ýerine ýetirerler. Her çykyşdan soň emin agzalary aýdymçynyň ukyp-başarnygy barada öz pikirlerini beýan ederler. Jemleýji tapgyryň ahyrynda emin agzalary we tomaşaçylar çykyş eden aýdymçylara ses bererler. Şol sesleriň we SMS-leriň iň köpüsini alan aýdymçy hem bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan ediler we «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada, göçme nyşana we gymmat bahaly sowgatlara eýe bolar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler Baş baýrak «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada eýe bolar, şeýle-de 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitleniler. Ýeňijilere diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşan ähli aýdymçylar Hormat hatlary bilen sylaglanarlar. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi: 44-88-79. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi: 44-00-74, 44-00-11, 48-96-82. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti: 44-22-22, 44-20-11. Ozal habar berşimiz ýaly, «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2022» bäsleşiginiň netijesine görä, aýdymçy Rüstem Hallyýew «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada hem-de bäsleşigiň göçme kubogyna mynasyp boldy.