Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Etrek etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 20-nji noýabrda Etrek etrap häkimliginiň mejlisler zalynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleri gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşyp bilerler. Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Etrek etrabynyň Etrek şäheriniň Magtymguly köçesiniň 34-nji jaýy, Etrek etrap häkimliginiň mejlisler zaly.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir