Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi we Ýewropa Bileleşigindäki wekilhanasynyň başlygy Sapar Palwanow 6-njy noýabrda Brýusselde Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Deýwid Makalister bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Orient.tm» tarapyndan habar berildi. Duşuşykda ilçi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary berkitmekde parlamentara gepleşikleriň möhüm ornuna ünsi çekdi. Syýasy gyzyklanma, ykdysady ösüş we medeni alyş-çalyş ýaly dürli gyzyklanmalar boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde şeýle dialogyň ähmiýeti dogrusynda belledi. Türkmen ilçisi Tomaş Zdehowskiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň ähmiýetine ünsi çekip, dürli türkmen gurluşlarynyň, şol sanda döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň we jemgyýetçilik guramalary arasyndaky pikir alyşmalarda şeýle duşuşyklaryň möhümdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, agzalan saparyň çäginde geçirilen duşuşyklar diňe bir dabaraly bolman, eýsem ähmiýetli bolup, mundan beýläkki amaly gatnaşyklara esas döretdi. Söhbetdeşlikde ilçi S.Palwanow Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda bar bolan hyzmatdaşlygyň käbir taraplaryna ünsi çekdi. Şolaryň arasynda iki tarap üçinem möhüm bolan Bilelikdäki komitet we adam hukuklary babatyndaky dialog aýratyn bellendi. ilçi oktýabr aýynda kabul edilen ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça Ýol kartasynyň gatnaşyklaryň geljegi üçin gollanma hökmünde möhümdigini aýtdy. Duşuşykda häzirki wagtda Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelere aýratyn üns berildi. Öz gezeginde Deýwid Makalister ÝB-niň strategik perspektiwasyny görkezdi we Merkezi Aziýany ileri tutulýan sebitleriň biri hökmünde kesgitledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir