AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çägindäki «Ahal» ― «Pahtakor» duşuşygy üçin «Aşgabat» stadionynda eminleriň wideoýardam ulgamy (VAR) ornaşdyryldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň taryhynda ikinji gezek bu ulgamdan peýdalanylar. Birinji gezek ulgam ýaryşyň birinji tapgyrynyň çäginde 19-njy sentýabrda geçirilen «Ahal» ― «Al-Feýha» duşuşygynda ornaşdyrylypdy. Duşuşygyň eminleri: Duşuşygyň baş emini – Muhammad Nazmi bin Nasaruddin, kömekçileri ― Muhammad Zairul bin Halil Tan, Mohd Arif şamil bin Abdul Raşid (üçüsi hem Malaýziýadan), ätiýaçdaky emin ― Huseýn Abo Ýehiýa (Singapur), VAR – Mohammed Abdulla Mango, AVAR – Rýo Tanimato (Ýaponiýa). Duşuşyk şu gün ― 7-nji noýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Sagat 19:00-da başlanjak duşuşygyň «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp berilmegine garaşylýar. Duşuşykda «Ahal» ak, «Pahtakor» bolsa sary reňkli köýnekçede çykyş eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir