1. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky fermada 2000-den gowrak Afrika düýeguşlary saklanýar. 5 gektar meýdanda ýerleşýän fermada jüýjeleri köpeltmek üçin ähli şertler döredilipdir. Guşlara aýlanmak üçin giň meýdança bar. Häzirki wagtda fermada 400 sany düýeguş jüýjesine ideg edilýär we telekeçiler bu guşlary GDA ýurtlaryna eksport etmegi meýilleşdirýärler. 2. Türkmenistan immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijilerini ýerine ýetirendigini tassyklaýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Güwänamasyna mynasyp boldy. Resminamada tutuş Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygyna abanýan howp hökmünde wirusly gepatitleri aradan aýyrmak boýunça maksatlary ýerine ýetirmekde bu üstünligiň uly ähmiýete eýedigi bellenilýär. 3. 8-9-njy noýabrda Daşkent şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň on altynjy sammiti geçiriler. Çärä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşar. Ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda YHG-niň çäklerinde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk we ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerine serediler. 4. 8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy mejlisi geçiriler. Forumyň dowamynda aragatnaşyk we maglumatlar pudagyndaky häzirki döwrüň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu ugurda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy, olary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe möhüm meselä garamak meýilleşdirilýär. 5. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry TÜRKSOÝ-yň Birinji halkara teatr festiwalynyň ýörite diplomy bilen sylaglandy, teatryň artisti Gülnabat Abdullaýewa bolsa festiwalyň «Iň gowy zenan keşbi üçin» baýragyna mynasyp boldy. Dünýäde 6. Gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny artdyrmak üçin Seul şäheriniň metrosy 2024-nji ýylyň ýanwaryndan başlap oturgyçsyz wagonlary işe girizer. Metronyň iň köp adamly gatnawlary bolan dördünji we ýedinji ugurlarda hereket edýän otlulara täze wagonlar goşular. Olar ýolagçy akymynyň iň ýokary derejesine ýetýän pursatlarynda – diňe irden we agşam sagatlarynda hereket ederler. Oturgyçsyz wagonlaryň ornaşdyrylmagy bilen metronyň ýolagçy gatnatmak kuwwatynyň 30-40% ýokarlanmagyna garaşylýar. 7. Londonyň Milli arhiwinde tötänleýin gizlin bölüm tapyldy, onda 1758-nji ýylda Ýedi ýyllyk söweş döwründe britan esgerleri tarapyndan ýesir alnan fransuz deňizçileriniň garyndaşlary tarapyndan ýazylan 100-den gowrak hat saklanýar. Hatlar iberileli bäri çap edilmändir. Olarda deňizçileriň garyndaşlary we ýakynlary öz söýgüsini we goldawyny bildirýärler, öýde bolup geçýän täzelikleri paýlaşýarlar hem-de gündelik aladalary hakynda gürrüň berýärler. Sport habarlary 8. AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 4-nji aýlawynyň çäklerindäki «Ahal» türkmen topary bilen «Pahtakor» özbek toparynyň arasyndaky duşuşyk VAR ulgamy arkaly geçiriler. Bu Türkmenistanyň taryhyndaky VAR ulanyljak ikinji oýun bolar. Bu ulgam ilkinji gezek 19-njy sentýabrda 1-nji aýlawyň çäklerindäki «Ahal» bilen «Al-Feýhanyň» arasyndaky duşuşykda peýdalanyldy. «Ahal» we «Pahtakor» şu gün «Aşgabat» stadionynda güýç synanyşarlar. Duşuşyk sagat 19:00-da başlar, oýny «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer. «Ahalyň» meýdança ak köýnekçede çykjakdygyny, «Pahtakoryň» oýunçylarynyň bolsa sary eşikde oýnajakdygyny bellemk gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir