Russiýada «Bagt ministrligini» döretmek gerek. Bu barada ýurduň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko «Russiýa» sergi-forumynda eden çykyşynda teklip etdi diýip, «Spbdnevnik.ru» saýty ýazýar. «Meniň arzuwym, geliň, Russiýada Bagt ministrligini döredeliň. Täze Kanunlardyr Hökümetiň kabul edýän Kararlary adamlary has bagtly edip bilýärmi, seljerilip, bu edaranyň üstünden geçsin» diýip, Matwiýenko nygtady. Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bu meselede özüniň pikirdeşleriniň köpdügini hem sözüniň üstüne goşdy. Ýeri gelende aýtsak, şeýle edarany döretmek pikirini Walentina Matwiýenko ilkinji gezek teklip edenok. Ol şeýle başlangyç bilen 2016-njy ýylda-da çykyş edipdi, ol şonda Birleşen Arap Emirlikleriniň tejribesine ünsi çekipdi. BAE-de «Durmuş abadançylygy we eşretleri» edarasy hereket edýär. Matwiýenkony Birleşen Arap Emirlikleriniň Geljegiň ministrligi hem özüne çekipdi, bu döwlet edarasy «nebitiň iň ahyrky barreli sarp edilenden soň, Emirligiň geljegini» çaklaýan ministrlik bolup durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir