Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew meşhur gazak aýdymçysy Dimaş Kudabergenowa gazak milli tazysynyň güjügini sowgat berdi diýip, «kaztag.kz» habarlar agentligi habar berdi. «Dostlar, tanyş boluň, bu meniň täze dostum. Kasym-Žomart Kemeluly maňa bu tazy güjügini sowgat berdi. Tazy – biziň halkymyz üçin gymmatlyk, ata-babalarymyzyň miras goýan ýedi hazynasynyň biri» diýip, Kudabergenow özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy. Dimaş şeýle hem gazak tazysyny gorap saklamaga hem-de onuň halkara derejede ykrar edilmegine ýurtda uly üns berilýändigi üçin şatdygyny beýan etdi. «Sebäbi bu gazak tohumy tebigy gözelligi, agraslygy bilen tapawutlanýar, meniň pikirimçe, ol örän akylly. Biziň ata-babalarymyz taza uly hormat goýupdyrlar, aýapdyrlar. Diýseň päkize bolandygy üçin tazy arkaýyn öýe girip bilipdir. Tazy sözi pars dilinden gelip çykyp, «tiz, çakgan», «çalasyn» diýmegi aňladýar. Prezidentimize bu gymmatbaha sowgady üçin minnetdarlyk bildirýärin. Biz taza «Garyşker» (kosmonawt) diýen at berdik» diýip, Kudabergenow sözüniň üstüne goşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir