1-3-nji noýabr aralygynda Daşkentde “TransLogistica Uzbekistan 2023” halkara sergisi geçiridi. Bu çärä dünýäniň 15 ýurdundan 60-dan gowrak kompaniýa, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty gatnaşýar. Bu barada Orient habar berýär. Şol bir wagtyň özünde Daşkentde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 1-nji Halkara ulag forumy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ulag ministrleriniň 12-nji mejlisi we “Awiasiýa we logistika 2023” halkara awiasiýa forumy geçirilýär. Bellenilen çärelere türkmen wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşýar. Öz diwarlygy bilen sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çeken Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri portuň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Halkara serginiň dowamynda Türkmenbaşy portunyň wekilleri tarapyndan MSC Tashkent LLC, FESCO, MEDLOG GEORGIA LLC, Albayrak, Central Asia Trans, Azlogista, TRANSASIA Logistics, PRIME Shipping & Transportation ýaly dünýäniň belli ulag-logistika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi. Şeýle-de, PSA Africa PTE LTD kompaniýasynyň wekilleri we Bütindünýä bankynyň Özbegistandaky wekilhanasy bilen gämi gurluşygyna maýa goýumlary çekmek boýunça gepleşikler guraldy. Mundan başga-da, portlarda ýükleme-düşürme işleri üçin innowasion ýükleýiş enjamlaryny öndüriji RAM Spreaders kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.