3-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň düýbüniň tutulmagy hem-de ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Dabaralaryň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedow Serdar Berdimuhamedowa şu günki dabaralara gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen döwlet Baştutanyna ýüzlendi. Bu teklip Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan goldanyldy.