«Türkmenistan» awiakompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine yzygiderli uçar gatnawlaryny açar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär. «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdalar jemgyýeti 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 17-sinden başlap, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäheriniň halkara howa menziline ýolagçy howa gatnawlaryny ýerine ýetirip başlaýandygy barada Size habar berýäris» - diýlip, awiakompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir