1-nji noýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde TÜRKSOY-yň I Halkara teatr festiwaly geçirilýär we oňa Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we beýleki türki dilli ýurtlardan teatr toparlary gatnaşýar diýip, Türkmenistan Halkara Habarlar portaly habar berýär. TÜRKSOY-yň teatr festiwaly özboluşly bir platforma bolup, türki dilli halklaryň baý medeni köpdürlüligini görkezýär hem-de zehinli aktýorlar, režissýorlar, dramaturglar we prodýuserler üçin öz eserlerini halkara sahnasynda görkezmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär. Bu festiwalda biziň ýurdumyza Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary wekilçilik edýär. Olar festiwala arap şahyry Kaýs ibn al Mulawwahyň biografiki maglumatlary we goşgulary hem-de Leýli bilen Mejnunyň tragiki söýgüsi baradaky halk gürrüňleri esasynda ýazylan dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň "Söýgi we jepa" taryhy tragediýasy bilen geldiler. Spektakl 4-nji noýabrda sagat 15:00-da Bakuwdaky Azerbaýjanyň döwlet akademiki rus drama teatrynda görkeziler. 6 sany emin agza aktýorlyk oýnuna, wakalaryň goýluşynyň logikasyna, egin-eşiklere we grime, şeýle-de spektakllaryň çeper bezegine baha berer. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowanyň hem bardygyny bellemek gerek. Ýeri gelende belläp geçsek, guramanyň ähli agzalarynyň biragyzdan goldamagy bilen Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Änew şäheri 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir