Heniz bamperleriniň gaçyp, döwlüp biljekdigi sebäpli 800 müňden gowrak Toyota Highlander krossoweriniň yzyna çagyrylmagy bilen bagly habar ýatdan çykmanka, ýapon kompaniýasy ýene-de ondanam giň gerimli yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Gürrüň 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda öndürilen, Demirgazyk Amerikanyň bazaryna niýetlenen 2 million töweregi RAV4 krossoweri barada gidýär. Näsazlyk döreden mesele — akkumulýatoryň ygtybarsyz berkidilmegi bolup durýar, şonuň üçin ulag dolandyrylýan wagtynda ol ýerinden gozganyp biler we hatda gysga utgaşma döräp, ýangynyň ýüze çykmagy mümkin. Gyzykly tarapy, kompaniýanyň özem heniz kemçiligi nädip düzetmelidigini anyklap bilenok, ýöne akkumulýatory ygtybarsyz berkidilen awtoulaglaryň hemmesiniň döwrebaplaşdyryljakdygyny aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir