Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) 2022-nji ýylyň iň gowy oýunçylaryny saýlady. Kim Min Çže Aziýadan daşynda çykyş edýän iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy. Baýrak 2022-nji ýylyň senenamasynyň netijelerine esaslanyp gowşuryldy. Kim Min Çže 2023-nji ýylyň tomsunda “Napoli”-den “Bawariýa” geçdi. Günorta koreýaly goragçysy Italiýanyň klubunyň düzüminde 2022/23 möwsüminde çempionlyk gazandy. Şeýle hem baýrak ugrunda hüjümçi Mehdi Taremi (“Portu”, Eýran) we ýarymgoragçy Kaoru Mitoma (“Braýton”, Ýaponiýa) bäsleşdi. Aziýada 2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysy “Al-Hilal”-yň we Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Salem Al-Dosari diýlip ykrar edildi. Baýrak AFK-a agza birleşikleriniň klublarynda oýnaýan oýunçylara berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir