YouTube wideo platformasynyň hünärmenler topary kiçi ýaşly ulanyjylar üçin özüniň “Take a Break” (Arakesme al) aýratynlyklarynyň mümkinçiliklerini giňeltdi. Ol köp babatda iPhone-yň wagt çäklendirmeleri aýratynlygy ýaly işleýär, üstesine-de ulanyjylar üçin birnäçe goşmaça sazlamalary hödürleýär. Bu aýratynlyk mundan birnäçe ýyl ozal çykypdy. YouTube-yň "Arakesme al" ýatlatmasy indi her 60 minutdan adaty ýagdaýda peýda bolar. Olar 18 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin gysga we uzyn wideolar görlende doly ekran režiminde peýda bolar. Şol bir wagtyň özünde, maşgala agzalary sazlamalary üýtgedip biler. YouTube toparynyň düşündirmegine görä, 13-17 ýaş aralygyndaky tomaşaçylar üçin dynç almak baradaky ýatlatmalar adaty ýagdaýda açylýar hem-de 18 ýaş we ondan uly ulanyjylar üçin olar öçürilýär. Bu parametri sazlamalarda islän wagtyňyz üýtgedip bilersiňiz.