Ýakynda Samsung Electronics 2023-nji maliýe ýylynyň üçünji çärýeginiň netijelerini yglan etdi. Indi bolsa çärýekleýin hasabata bagyşlanan konferensiýada kompaniýanyň smartfonlarda döredijilikli emeli aňy ulanmak babatyndaky meýilnamalaryny aýan edendigi mälim boldy. Samsung indi açar sözlere esaslanyp mazmun döredip biljek döredijilikli AI-niň öz wersiýasyny ösdürýändigini aýdýar. Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň işläp taýýarlamasynyň aýratynlygy — bu AI-ni ulanmak üçin internete birikmegiň zerurlygynyň ýok bolmagydyr. Ýagny, ulanyjy internete girmezden, ýönekeý buýruklary ulanyp, dürli hyzmatlara girip biler. Kompaniýa geljek ýyl şeýle tehnologiýany öz smartfonlaryna ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa haýsy smartfonyň Samsung-dan “ýerli” döredilen AI aljakdygyny resmi taýdan yglan etmedi. Şeýle-de bolsa, insaýderleriň köpüsi täze tehnologiýanyň geljek ýylyň başynda çykjak meşhur Samsung Galaxy S24 smartfonynda elýeterli boljakdygyny öňe sürýärler. Belki-de, 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda çykarylmagy meýilleşdirilýän Galaxy Z6 hataryň eplenýän smartfonlaryna ornaşdyrylar. Şeýlelik bilen, çeşmeler Samsung-yň indiki ýyl emeli aň ornaşdyrylan iPhone 16 -ny hödürlemegi meýilleşdirýän Apple -den öňürtmek isleýändigini aýdýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir