Täze flagman Xiaomi 14 2023-nji ýylyň oktýabr aýy üçin AnTuTu bençmarkynyň iň kuwwatly smartfonlarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada Sparrow News neşirine salgylanyp, Report agentligi habar berýär. Ilkinji iki setiri 1 997 427 bal we 1 985 014 bal bilen Xiaomi 14 (Snapdragon 8 Gen3 16 GB + 512 GB) we Xiaomi 14 Pro (Snapdragon 8 Gen3 16 GB + 512 GB) eýeledi. Liderleriň üçlügini 1 663 507 bal bilen OnePlus Ace 2 Pro (Snapdragon 8 Gen2 24 GB + 1 TB) jemledi. Soňra iQOO 11S (1 650 842 bal), iQOO 11 Pro (1 633 169 bal), Vivo X90 Pro+ (1 624 675 bal), Realme GT5 240W (1 621 188 bal) hem-de Oppo Find X6 Pro (1 591 832 bal) gelýär. Neşir Xiaomi flagmanlarynyň iň ýakyn bäsdeşlerden uly tapawut bilen öňde barýandygyna ünsi çekýär. Bellenilişi ýaly, Xiaomi 14 bilen Xiaomi 14 Pro, takmynan, 300 müň bal aratapawudy häzirki wagtda iň täze Qualcomm prosessorlaryna eýe bolan ýeke-täk smartfon bolandyklary üçin aldylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir