«Inter Maýaminiň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) möwsümiň iň gowy täze oýunçysy ady ugrunda göreşde utuldy. Bu barada ýaryşyň metbugat gullugyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Möwsümiň iň gowy täze oýunçysy «Atlantanyň» gresiýaly hüjümçisi Ýorgos Ýakumakis boldy. Hüjümçiniň hasabynda MLS-iň 27 oýnunda 17 gol bar. “Atlanta” Gündogar konferensiýasynyň ýaryş jedwelinde altynjy orny eýeledi we pleý-offa gatnaşmaga hukuk gazandy. Messiden we Ýakumakisden başga-da, bu baýraga “Sent-Luisiň” germaniýaly hüjümçisi Eduard Lewen hem dalaş etdi. «Inter Maýami» üçin 14 oýundan soň Messiniň hasabynda 11 gol we bäş netijeli geçirim bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir