Gyrgyzystan 2024-nji ýylda Türki döwletleriň guramasynyň sanly işewürlik forumyny geçirmegi teklip edýär. Bu barada Astanada Türki döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitinde Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň eden çykyşyna salgylanyp, Trend habar berýär. “Hyzmatdaşlygyň häzirki ugry sanly üýtgeşmeleriň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmekdir. Biziň ýurdumyzda Ýokary tehnologiýalaryň seýilgähi bar. Şeýle-de, işiň 99 görnüşini öz içine alýan Döredijilik senagaty seýilgähi hem döredildi” – diýmek bilen, Sadyr Žaparow 2024-nji ýylda Gyrgyzystanda TDG-niň agza döwletleriniň Sanly forumyny guramagy teklip etdi. Şele-de, Žaparow Türki Maýa goýum gaznasynyň işe girizilmeginiň gurluş üýtgemeleri şertlerinde, ýagny işewürlik zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maliýe bazarynyň dürli gurallarynyň elýeterliligini saklamak we giňeltmek möhüm bolan ýagdaýynda aýratynam ýörgünlidigini belledi.