«Al-Hilalyň» braziliýaly hüjümçisi Neýmara operasiýa edildi. "Hemme zat gowy geçdi. Maňa ýazanlaryňyz üçin sag boluň. Indi saglygymy dikelmäge ünsi jemlärin "- diýip, Neýmar, hassahanada düşen suratyny berkidip, hat ýazdy. 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň Urugwaý bilen bolan saýlama oýnunda (0:2) Neýmaryň şikes alandygyny ýatladýarys. Öň, Neýmaryň sagalmagy üçin on aý töweregi wagt gerek boljakdygy habar berlipdi. Şeýlelikde, braziliýaly hüjümçiniň bu möwsümde oýun meýdançasyna çykmazlygy gaty ähtimal. Neýmar tomusky transfer penjiresinde “Al-Hilala” geçipdi. Hüjümçiniň klub bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli baglaşylan. Braziliýaly futbolçy bu möwsümde Saud Arabystanynyň çempionatynyň üç oýnuna gatnaşyp, iki sany netijeli pasy bilen bellendi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir