Apple kompaniýasy nobatdaky maliýe hasabatyny hödürledi. Kompaniýa üçin 30-njy sentýabrda 2023-nji maliýe ýylynyň dördünji çärýegi we umuman, tutuş ýyl tamamlandy. Kompaniýa munuň iPhone satuwyndan gazanylan girdejileri göz öňünde tutsaň rekordly sentýabr çärýeginiň bolandygyny belleýär. Bu iPhone 15 smartfonlarynyň satuwynyň gowy başlandygyny aňladýar. Umuman alanyňda, çärýekdäki girdeji 89,5 mlrd dollara barabar bolup, bu bir ýyl ozalky 90,1 mlrd dollardan birneme azdyr. Bu barada ixbt.com belleýär. Operasion girdeji 24,9 mlrd dollardan 27 mlrd dollara çenli, arassa girdeji 20,7 mlrd dollardan 23 mlrd dollara çenli ýokarlandy. iPhone satuwlary kompaniýa bir ýyl ozalky 42,6 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 43,8 mlrd dollar girdeji getirdi. Hasabatda aýratyn görkezilen ähli beýleki gurluşlaryň satuwy bolsa peseldi. Ýagny, dakylýan we öý gurluşlarynyň satuwy 9,65 mlrd dollardan 9,3 mlrd dollara çenli, planşetleriň satuwy bolsa 7,2 mlrd dollardan 6,4 mlrd dollara çenli peseldi. Mac noutbuklarynyň satuwy 11,5 mlrd dollardan 7,6 mlrd dollara çenli, ýagny üçden bir azaldy.