Ispaniýanyň “Barselonasynyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Ronaldino “FourFourTwo” žurnaly tarapyndan 2000-nji ýyllaryň esasy futbol nyşany hökmünde saýlandy. Sanaw neşiriň resmi saýtynda hödürlendi diýip, gazeta.ru habar berýär. Ronaldino Braziliýanyň milli toparynyň düzüminde 2002-nji ýylyň dünýä çempionydyr. Ol 2004-nji we 2005-nji ýyllarda Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) tarapyndan dünýäniň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. 2005-nji ýylda “Altyn topuň” eýesi boldy. Ol dürli döwürlerde “Gremio”, “Flamengo”, “Atletiko Mineýro”, “Fluminense”, “Pari Sen-Žermen” we “Milan” üçin çykyş etdi. Ronaldino 2018-nji ýylda karýerasyny tamamlady. 2000-nji ýyllaryň esasy futbol nyşanlarynyň ilkinji onlugy: Ronaldino (Braziliýa); Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa); Týerri Anri (Fransiýa); Aleks Fergýuson (Şotlandiýa); Ronaldo (Braziliýa); Zinedin Zidan (Fransiýa); Lionel Messi (Argentina); Ueýn Runi (Angliýa); Žoze Mourinýu (Portugaliýa); Dewid Bekhem (Angliýa).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir