Adidas kompaniýasy giperkar öndürýän Bugatti markasynyň äheňinde çäkli mukdarda çykjak X Crasyfast futbol aýakgabyny bildiriş etdi. Bu aýakgaplaryň diňe 99 jübüti öndüriler we olary diňe auksiondan satyn alyp bolar. Adaty X Crasyfast modeliniň 260 ýewro bahasy bar. Bugatti-niň janköýerlerine niýetlenen futbol aýakgaplary, esasan, dizaýn taýdan tapawutlanýar. Olar fransuz markasynyň gök reňkinde gara ýazgyly we çyzmyk urnatly gelýär. Aýakgabyň gyralarynda iki kompaniýanyň hem nyşanlary we ýazgylary bar, dabanynda bolsa giperkarlarda ulanylýanlary ýada salýan uglerod süýümi elementi bar. Butsylar dokalan karbon süýmlerini ýatladýan gutylara gaplanar. Bütin dünýä niýetläp öndürmek meýilleşdirilen 99 jübüt butsy 8-nji noýabrdan 11-nji noýabr aralygynda Adidas platformasynda geçiriljek auksionda satylar. Bugatti aýakgaplar niýetlenen maksady üçin ulanylmaz, olar kolleksiýa ediler diýip garaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir