Toyota kompaniýasy üstümizdäki maliýe ýylynda elektrikli ulaglarynyň satuwy baradaky garaşyşlaryna täzeden garady. Öň öndüriji 200 müň awtoulagdan geçirip sataryn diýip çaklaýan bolsa, indi şol san 123 müňe çenli azaldy. Şol bir wagtyň özünde gibridleriň satuwynyň garaşylýandan has ýokary boljakdygy çak edilýär. Toyota maliýe ýylynyň ahyryna çenli dünýäde 3,6 million adaty gibrid ulagyny satmagy göz öňünde tutýar, bu öň meýilleşdirilişinden 100 müň awtoulag köp. Elektrikleşdirilen ulaglaryň ähli kategoriýalarynyň umumy satuw mukdary 3,9 milliona ýetmeli. Şeýlelik bilen, ol geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 42% köp bolar we Toyotanyň satuwynyň umumy gurluşynda şeýle modeller 37% -e, ýagny üçden bir bölegine eýe bolar. Umuman aýdanyňda, Toyota Lexus bilen bilelikde, zawodlaryň wagtal-wagtal ýapylmagyna garamazdan, ýylyň ahyryna çenli 10,1 million awtoulag öndürip, rekord mukdara ýetmegi maksat edinýär. Amal girdejisini hem gaty ýokary - 4,5 trillion ýen ýa-da 30 milliard dollardan gowrak almak meýilleşdirilýär. Kompaniýa ozal hem goýlan rekordlar barada habar beripdi: maliýe ýylynyň birinji ýarymynda (aprel aýyndan sentýabr aýyna çenli) 5,6 million awtoulag satyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir