ürkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa Moskwanyň Türkmen medeniýet jemgyýetiniň işine ýokary baha berip, onuň türkmen milli medeniýetini ýaýratmak we milletara gatnaşyklary pugtalandyrmak işine aýratyn goşant goşandygyny belledi. Bu barada Jemgyýetiň metbugat gullugyna salgylanyp, Orient habar berýär. “Biziň ýanymyzda bolup, çärelerimizi işjeň goldaýanlaryň ählisine çuňňur minnetdarlyk bildirýäris. Siziň goldawyňyz bilen biz öňe barýarys, geljege uly ynam we hyjuw bilen garaýarys. Gatnaşanyňyz we goldawyňyz üçin sagboluň! Biz – türkmen medeniýetine bolan söýgi we gymmatly wezipämiz bilen birleşen bir uly maşgala” – diýlip, habarda aýdylýar. Türkmen diplomaty bu ýokary bahany Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen “Häzirkizaman oba hojalygy tehnologiýalary, daşky gurşaw inženerçiligi we durnukly ösüş” atly IX Halkara ylmy maslahatynyň dowamynda berdi. Jemgyýete türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” kitaby sowgat berildi.