Sport zalynda bedene güýçli fiziki agram salmazdan özüňi sagdyn saklamagyň usuly hökmünde skandinaw ýörişiniň meşhurlygyny artýar. Onuň bilen islendik ýaşdaky adamlar, hatda garrylar ýa-da ýürek kesellerinden (infarkdan ýa-da insultdan soňky ýagdaýlardan başga), daýanç-hereket ulgamynyň nähoşluklaryndan ejir çekýänler, şeýle hem operasiýadan soň bejergi alýanlar meşgullanyp bilerler. Ýörite taýaklar bilen ýöremek islendik howada diýen ýaly (aşa yssydan we güýçli ýagyşdan başga) we ýylyň islendik wagtynda amala aşyrylyp bilner; onuň üçin ýörite giňişlikler ýa-da welosportdaky ýaly ýörite niýetlenen ýollar gerek däldir. Aşgabatdaky «Alem Sport accessories and equipments» we «Alem Sport apparels and shoes» dükanlary skandinaw ýörişi bilen meşgullanmak üçin dürli lybaslary we enjamlary hödürleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir