Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleri gowaçanyň ýokary hasyl berýän täze sortlaryny döretmek üçin ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Olar öz işlerinde seleksiýada kabul edilen, has kämil usullardan giňden peýdalanýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Şeýlelikde, yzygiderli, netijeli gözlegler esasynda ylmy-önümçilik merkezinde gowaçanyň «Ýolöten — 42» sortunyň populýasiýasyndan ýekebara seçgi esasynda saýlanylyp alnyp, gowaçanyň täze inçe süýümli «Ýolöten — 58» sorty döredildi. Gowaçanyň täze sorty bu merkeziň gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň kiçi ylmy işgärleri Muhammetrahym Meredowyň hem-de Abadan Akyýewanyň bilelikdäki awtorlygynda döredildi. Ol Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda indi birnäçe ýylyň dowamynda alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň miwesidir. Habarda bellenilişi ýaly, gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 58» sorty deňeşdirilýän nusgawy sort bolan inçe süýümli «Ýolöten — 14» sorty bilen üç ýylyň dowamynda geçirilen synag bäsleşiginden üstünlikli geçdi. Ylmy işgärleriň aýtmaklaryna görä, özboluşly häsiýetli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan täze sortuň hasyllylygy her gektardan 33,2 sentner bolup, gowaçanyň nusgawy «Ýolöten — 14» sortundan 2,1 sentner köp hasyl berýär. Täze sort deňeşdirilýän sortdan hasyllylygynyň ýokarylygy bilen birlikde süýüminiň çykymynyň ýokarylygy, uzynlygy, inçeligi, berkligi babatda hem artykmaçlyga eýedir diýlip, habarda bellenilýär. Täze sort 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleriň sort-synag edarasyna hödürlenildi. Şeýdibem, gowaçanyň täze inçe süýümli «Ýolöten — 58» sorty indi ikinji ýyl Ösümlikleriň sort-synag edarasynyň ýurduň Mary hem-de Ahal welaýatlaryndaky ylmy-önümçilik synag meýdançalarynda synagdan üstünlikli geçip gelýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir